Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esas goýujy düzüm bölegi bolup adamyň mynasyp ýaşamagy we erkin ösmegi üçin ähli zerur şertleri döretmek çykyş edýär. Milli syýasatyň durmuş ugry 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň «hiç kimi çetde goýmaly däl» diýen esasy ýörelgesini amala aşyrmakda degerli üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Bu ýörelge ilaty durmuş-ykdysady, syýasy we ýaşaýyş işiniň beýleki ulgamlaryna çekmek boýunça ýurtda alnyp barylýan syýasatyň esasynda goýlandyr.

DÖM-nyň kabul edilen pursatyndan Türkmenistan birnäçe möhüm çäreleri amala aşyrdy.  Ýurtda durmuşa geçirilýän gysga möhletli, orta möhletli we uzak möhletli döwlet maksatnamalaýyn resminamalary ykdysady we durmuş taýdan durnukly ösüşiň esaslaryny pugtalandyrýar. Sanlylaşdyrmagy, telekeçiligi ösdürmek we häzirki hem-de geljekki nesiller üçin innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak üçin amatly şertler döredilýär.

Türkmenistanda DÖM-nyň durmuşa geçirmek ýurduñ durmuş syýasatynyñ logiki dowamy bolup durýar we ilatyñ umumy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, hemme ýerde sagdyn ýaşaýşy ornaşdyrmaga, ähli zady öz içine alýan, hemmeler üçin adalatly we gowy hilli bilim almak üçin şertleri döretmäge, gender deñligini üpjün etmäge, ykdysadyýetiñ ähli ugurlaryny sanlylaşdyrmaga we innowasiýalara gözükdirilendir.

Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary gazanmak we wezipeleri durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan tarapyndan görülýän esasy çäreler we hereketler Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda tanyşdyrylan «Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak ýolunda» atly kitabynda beýan edildi.

2019-njy ýylda Türkmenistan «Adamlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek we ählumumy gurşap almagy we deňligi üpjün etmek» temasy boýunça özüniň birinji Meýletin Milli Synyny hödürledi, degişlilikde  gowy hilli bilim, mynasyp iş  we ykdysady ösüş, deňsizligi peseltmek, howanyň üýtgemegi bilen göreş çäreleri, parahatçylygy ösdürmek, adyl kazyýet we netijeli institutlar, durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy giňeltmek ugurlary öz içine aldy. Şeýle hem MMS-da Türkmenistanyň sebitleýin we halkara derejelerde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary beýan edildi.

2023-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan «Durnukly ösüş ulgamynda global Gün tertibiniň durmuşa geçirilişi» temasy boýunça özüniň ikinji Meýletin Milli Synyny hödürledi, arassa suw we arassaçylyk, elýeter we arassa energiýa, senagatlaşdyrma, innowasiýalar we infrastruktura, durnukly şäherler we ilatly nokatlar  durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk onuň klaster Maksatlary boldy.

Esasy orun Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine berildi, ol statistiki maglumatlaryň ýygnalmagyny üpjün etdi we ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Synyň ýanyna goşulýan statistiki goşundyny taýýarlady.

 Durnukly ösüş boýunça maksatlaryň we wezipeleriň milli maksatnamalaýyn resminamalaryna goşulmagynyň ýokary derejesi netijesinde Türkmenistan DÖM-ny ornaşdyrmak işine gowy badalgadan başlady. Häzirki wagtda ähli milli maksatlar, meýilnamalar, konsepsiýalar we beýleki maksatnamalaýyn resminamalar ilatyň ýaşaýyş derejesini we hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagy ýurdy uzak möhletli ösdürmegiň baş maksady hökmünde goýýarlar we 2030-njy ýyla çenli global Gün tertibinde goýlan wezipeleri beýan edýärler.

2022-nji ýylyň başynda ýurtda täze uzak möhletleýin resminama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» kabul edildi, onda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini gazanmaga möhüm orun berilýär.